göripçilik

[gö:ri:pçilik]

Göribe degişli bolan gylyk-häsiýet, bahylçylyk, içigaraçylyk, göriplik.

  • Adamlarda göripçilik diýen zat bar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Eliniň içigaraçylyk, göripçilik häsiýeti şeýle güýçlüdi, ondaky hemme häsiýetlerden iň ýokary derejede durýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Bagtymyň açylanyna göripçilik etmäň, sowluň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem göripçilik - göripçiligi.