görgi

Çekilýän horluk, dert, jebir, jepa, kynçylyk.

  • Ony zyndana salyp, her hili görgüller bilen gynaýar. («Görogly» eposy)

  • Böwregi bir ogry garga, iýjek bolup, galdy görgä. (Nury Annagylyç, Goşgular)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem görgi - görgüde, görgüler, görgüsi.

görgi görmek

Azar ýamanyny görmek, horluk, azap çekmek, jepa çekmek.

  • Öýüň görgüsini görmek kemini goýmadyň. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Seni görjek bolup, görgi baryny hem gördüm. (A. Gowsudow, Mähri-Wepa)

  • Gargyş siňenler, biziň dünýäde görmedik görgimizi görkezdiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)