göreş

  1. Sport termini Biri-birini ýykmak maksady bilen geçirilýän sportuň bir görnüşi.

    • Pälwanlar orta çykyp, iki-bir, iki-bir tutluşyp, göreş başlanýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ol köne toýlarda göreş tutup, az wagt pälwançylyk hem edipdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Göreşde ataňy-da sylama. (nakyl)

  2. Söweş, uruş.

    • Elbetde, göreş meýdanyna giren garşylyk görer. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Synpy göreş.

  3. Kynçylyklary, böwetleri ýeňip bir zadyň ugrunda çalyşma, hereket.

    • Ol indi uruş oduny tutaşdyrmak isleýän nejislere garşy halkyň alyp barýan göreşi hakynda gürrüňe başlady. (A. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Halklaryň parahatçylyk ugryndaky göreşi.