göreç

Gözüň ortasyndaky garaja bölegi.

  • Tärimiň kökleri onuň görejine gülle bolup gezeldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Diýer Pomma, meniň geregim Watan, Gözümiň göreji ýüregim Watan. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Älemgoşar bardajygynyň ortasynda tegelek deşik göreç bolýar. (A. N. Kabanow, Adamyň Anatomiýasy we Fiziologiýasy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem göreç - göreji.