görünmek işlik

  1. Göze ilmek, göz önünde peýda bolmak.

    • Gözlerinde bulduraşýan ýaş damjalary görünýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Ýap boýlarynyň her ýerinde bir düýp tut, uzakdan bolsa hellewläp erik agaçlary görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Bir ýere käte-käte barmak, kämahal barmak, az barmak.

    • Sen bu günler görünmeýärsiň-le! Men-ä görünýän weli, seni köp göremok.

    • Çagyrylmadyk ýerde görünmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem görünmek - görner, görnüpdir.