Ýüzbe-ýüz bolmak, biri-biriňi görmek, duşuşmak.
Şu käsäni götereliň, bize biri-birimiz bilen elmydama oýalykda görüşmek nesip etsin! -- diýdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Altyn jan, men seniň bilen uzak gürrüňleşip hem bilmedim, ýene-de ikimiz görüşeli bolarys -- diýip, atyny sürüp gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Elleşip salamlaşmak.
Sary onuň bilen gadyrly görüşse-de, ilki bada ony tanamady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Aman poşçy otaga girdi-de, salam berdi we görüşmek üçin elini uzatdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Bir zat hakda birini görmäge kömek etmek, görmäge kömekleşmek.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem görüşmek - görşer, görşüpdir.