gönjük

[gö:njük]

  1. Aýallaryň köýneginiň üstünden dakynýan ujy şelpeli bezeg şaýy.

    • Hyňňyrdap jaň sesi gelýär, Bilmedim, gönjükmi, tumar. (Çary Aşyr, Poemalar)

    • Onuň boýnunda goşa towuk, gyzylly apbasylaryň aşak eteginde gönjük, barmaklarynda hatara ýüzükdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Keçä salynýan gülüň bir görnüşi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gönjük - gönjügi.