göni

  1. Egri däl, ok ýaly, dogry.

    • Köçeleri hem giň we edil oklaw ýaly gönüdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Edil, hut, tüýs.

  3. Bir ugra, tarapa gyşarman gidýän, alyp barýan, dogry.

  4. Açyk, ýaşyrman, dogry.

    • Göni ýüzüne aýtmak.

  5. Ýüz görmeýän, ak ýürekli, dogry işleýän, dogruçyl.

    • Ol göni adam.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem göni - gönüde, gönüler, gönüsi.

göni saýlaw

seret saýlaw

gönüňden gelmek

Hakykaty bolşy ýaly aýtmak, dogrusyny aýtmak.

  • Kömür ýaly sakgalynyň arasyny dyrmap oturan Babahan arçyn gönüsinden geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)