göndermek işlik

  1. Ýola salmak, ugratmak, ibermek.

    • Ol iki sany kenizi erkek lybasynda soltanyň üstüne gönderip, şeýle mälim ediň diýipdir. (Myraly)

    • Uzakdan gönderen hatyňy aldym. Gadyrly ýoldaşym, Durdy Gylyç aga. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Bir başa çekmek, hemmesini bir bada içmek.

    • Ol gijeki meýlisden galan bir käse aragy gönderip, demini alan hamyrly çörek bilen işçek goýnuň goşa gapyrgasyny syrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Käsedäki gatygyň baryny gönderdi.