gönülemek işlik

  1. Göni ýol bilen gitmek, dogrulamak.

    • Galmagal turzup nätjek, sürüber-dä gönüle-de! («Görogly» eposy)

    • Traktorçy sürlen ýeriň içi bilen gönüläp, ýöräp gitdi.

    • Oba pagtajylygynyň içi bilen gönüläp ugradyk.

  2. Göçme manyda Dogry sözlemek, çynyňy aýtmak, dogryňdaň gelmek, dogryňy aýtmak.

    • Gönülesem, gyzym, meniň hem çaga hüwdüläsim, sallançak üwräsim gelýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)