gönükmek işlik

  1. Barylmaly ýere ugur boýunça göni gitmek, ugramak.

    • Soň tamlaryň gapdaly bilen dolandy we öz ýoluna baka gönügip, gök otlaryň üsti bilen ädimleýärdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Dogry usul, ugur bilen hereket edip başlamak, işe türgenleşmek, ugrukmak.

    • Işe gönükmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gönükmek - gönügýär, gönüger, gönügipdir.