gömmek işlik

  1. Zadyň üstüni gum we ş. m. bilen örtmek.

    • Ol hiniň agzyny gömüp, däneleri gyşa gamlap goýupdyrlar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

    • Hapa zatlary gömmek arkaly zyýansyzlandyrmak bolar. (N. A. Ýablokow, Ýokançly içege keselleri)

  2. Jaýlamak, dulamak (adamy).

    • Garyplar bolsa öz ölülerini hiçbir balzamlaşdyrman, ýere gömüpdirler. (Gadymy dünýä taryhy)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem gömmek - gömdüm, gömdüň, gömüpdir.