gömelteý

  1. Hilegär däl, mekir däl, gönümel, sada (adam).

    • Gömelteý oglan.

  2. Irimçik, gödeksi, näsypaýy, tagaşyksyz.

    • Gömelteý barmaklary bilen aşagragyndan birini saýlap aldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Göni aýdylan, hiç hili hilesi, gaçalak-sapalagy bolmadyk (söz, iş we ş. m.).

    • Ýöne weli, birdenkä Halnazara geçenini onuň özi hem gömelteý gördi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gömelteý edilen hereket.