göm-gök

[göm-gö:k]

Gaty gök, juda gök.

  • Göm-gök dury asman şäheriň üstüni büräp durdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Göm-gök gowaçalar aýdymyň sazyn çalýan ýaly ýuwaş pyşyrdaşýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Dyz boýy galan göm-gök gowaçalar hatar-hatar bolup ösüşip otyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)