gömülmek işlik

Gum, gor we ş. m. bilen basyrylmak, örtülmek.

  • Ýüzleri tozan bilen gömlen, aňyny gideren ilat ýerli-ýerden onuň ýüzüne üşerilýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Hapanyň üsti gömüldi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem gömülmek - gömler, gömlüpdir.

göbegiň gömlen ýeri

seret göbek