göl

[gö:l]

Halynyň we palasyň ýüzüne salynýan uly esasy nagyş.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem göl - gölüm, gölüň.

garlyk göl

Kerki halysyna salynýan gölüň bir görnüşi.

  • Diwanyň syrtynda garlyk göl uly haly durdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

gurbaga göl

Halynyň uly gölüniň gapdalyndan salynýan nagyş.