gök1 sypat

[gö:k]

  1. Asmanyň goýy reňkine, deňiz reňkine meňzeş reňk.

    • Gök gowaça parahat deňiz ýaly öwüşgin berýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gök mata.

  2. Doly bişmedik, çig (ir-iýmiş hakda).

    • Gök erik.

    • Gök üzüm turşy bolýar.

  3. Bakja ekini, ir-iýmiş, miwe.

    • Indi garyp-daýhan gök ekmek gerek. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Şäheriň töwereginde gök köp ekilýär.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem gök - göküm, göküň.

gök salmak

Gögerip görünmek.

gök2 sypat

[gö:k]

Gözýetimdäki howa giňişli, ýeriň ýüzünden görünýän atmosfera, asman.

  • Gökde kir-kimir ýok. Gök aşagymyza öwrüläýdimikä? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Gögüň ýyldyzlary balkyldap durýar. (A. S. Puşkin, Ertekiler)

  • Ýer gaty-da, gök ýyrak. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gök - gögüm, gögüň.

gökden düşen ýaly bolmak

Hiç zatdan habarsyz bolmak, bir iş bilen, ýer bilen nätanyş bolmak.

  • Men raýona gelenimde, gökden düşen ýaly boldum.

gökdäki dilegiň ýerde gowuşmak

seret dileg

  • Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy diýsene! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

depesi göge ýetmek

seret depe

  • Bu wezipe Annagulynyň depesini göge ýetirdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

diň göge galmak

Dik ýokary göterilmek, beýgelmek.

  • Zähmetden köp zat döräp, Jaýlar diň göge galýar. (R. Seýidow, Bagtlylar)

diň gökden gelmek

Oslamadyk, çak etmedik zadyň üçin geň galmak, alla-niçigsi bolmak.

  • Ofisiantka bu söze diň gökden geldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)