gögermek işlik

[gö:germek]

  1. Ýere taşlanan tohumyndan şine ýaryp ýeriň ýüzüne çykmak, baldak çykarmak, tohum alyp ösüp başlamak.

    • Ozal bu aňňatda ýekeje-de gögerip oturan çöp ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Orta boýly bugdaýyň içinde egri oragy aýlap salýan orakçy, selçeň gögeren günebakar bilen sandaşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Tohum al-da, ýere bar, gögermese, maňa gel. (nakyl)

  2. Gök reňke öwrülmek, gök reňke meňzemek.

    • Sowukdan ýaňa elleri gögeripdi.

  3. Teniňe zarba düşüp, gan öýmek.

    • Onuň gözüniň öňi gögeripdir.

gögermek işlik

[gö:gertmek]

  1. Tohum aldyrmak, düýp tutdurmak, ösdürmek.

    • Bu erikleri biz ekdik, biz suw berdik, biz gögertdik.

  2. Teniňe gaty zarba urup, gan öýdürmek.

    • Çekiç degip barmagymyzyň ujuny gögertdi.

  3. Gepleşik dili Harydy degerli bahasyndan ýokary satmak.

    • Sen halyňy gögerdip bildiň-le!