gödeklik

  1. Tagaşyksyzlyk, betgelşiklik.

  2. Zoňtarlyk, sypaýyçylyksyzlyk, edepsizlik.

    • Mürzäniň gödekligi, edepsizligi oňa örän gülkünç göründi. (M. Ibrahimow Ol gün geler)

    • Öz gödekligim bilen men seni aýzda durmaga mejbur etdim. (B. Pürliýew, Ikinji gün)

  3. Usully dällik, çemesizlik, ukypsyzlyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gödeklik - gödekligi.