gödek sypat

  1. Daş görnüşi tagaşyksyz, betgelşik.

    • Ol daşyndan göräýmäge agras, gödek we irimçikdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  2. Zoňtar, sypaýyçylyksyz, edepsiz, ýakymsyz, gelşiksiz.

    • Gödek sesi bilen gygyrdy. («Tokmak» žurnaly)

  3. Hiçbir zada eli gelişmeýän, usully däl, çemesiz, ukypsyz.

    • Gödek adam özüňe belli.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gödek - gödegi.