göýdük

  1. Ýaşlykda ene süýdünden mähri ganmadyk, açlyk zerarly kadaly ösmedik, boýuny-inini almadyk, bitmedik, ejiz (adam, haýwan hakynda).

    • Göýdük göwresindäki uly kellesi men-menlikden saňňyldaýardy. («Tokmak» žurnaly)

  2. Ejiz gögeren, suwdan we ş. m. zatlardan horluk, mätäçlik çeken, boýuny alyp ösmedik (ösümlik hakda).

    • Keselli we göýdük ösen gozajyklardan tohum üçin pagta ýygylmaýar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem göýdük - göýdügi.