göçmek işlik

  1. Ýaşaýan ýerini üýtgetmek, bir ýerden ikinji bir ýere baryp ýaşamak.

    • Göçjek diýip odunyňy otlama. (nakyl)

    • Göçen ýurduň gadryny gonaňda bilersiň. (nakyl)

  2. Küşt, damka we ş. m. oýunda çöpi bir öýden başga öýe süýşürmek, göçüm etmek.

    • Pyýada göçmek.

  3. Ýarylmak, partlamak, ot almak (ok, tüpeň barada).

    • Ol çenäp tüpeňiň çakmagyny gysdy, emma göçmedi.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem göçmek - göçdüm, göçdüň, göçüpdir.

kelle göçmek

seret kelle