göçürmek işlik

  1. Öňki ýaşaýan ýerinden başga ýerde ýaşatmak, başga ýerde mekan tutdurmak.

    • Men sizi aýak ýeterden daşrak ýere göçürjek. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Gögerip oturan ýerini üýtgetmek, başga ýerde oturtmak.

    • Üzümleri ekiniň ortasyndan göçürdik.

  3. Ozal ýazylgy haty bolşy ýaly edip başga kagyza ýazmak, geçirmek.

    • Komissaryň hatyny gyssag arada birnäçe ýerden göçürdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)