göç

  1. Öý-öwzarlaryny, içeri goş-golaňlaryny ulaglara ýükläp, maşgalasy bilen bir ýerden başga bir ýere göçüp barýan ýolagçylar.

    • Gün agyberenden soňra, ol uly ýoldan aşak tarapa yzy üzülmän düýeli göçler geçip başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Iki göç -- bir talaň. (nakyl)

  2. Küşt, şaşka, düzzüm ýaly oýunlarda oýunçynyň bir gezek edýän oýny, göçüm, göçer.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem göç - göçüm, göçüň.

göçüň geçmek

Gaty howlukmak.

  • Göçüň geçip barýan bolsa, gidip bilersiň.


Duş gelýän formalary
  • göç-de
  • göçde
  • göçdedigini
  • göçden
  • göçdi
  • göçdäki
  • göçdüler
  • göçdülermi
  • göçdüm
  • göçe
  • göçem
  • göçi
  • göçler
  • göçlerde
  • göçleri
  • göçlerini
  • göçleriň
  • göçlügi
  • göçlügini
  • göçlüginiň
  • göçlük
  • göçlükde
  • göçsüz
  • göçüm
  • göçümde
  • göçümden
  • göçüme
  • göçümi
  • göçümiz
  • göçümize
  • göçümiziň
  • göçümiň
  • göçün
  • göçünde
  • göçünden
  • göçüne
  • göçüni
  • göçüniň
  • göçüň
  • göçüňde
  • göçüňem
  • göçüňi
  • göçüňizi