gäwüşemek işlik

  1. Gäwüş gaýtaryp çeýnemek, çeýnäp, eňekleriňi hereketlendirmek, çeýnemek (düýe, goýun ýaly mal hakda).

    • Jaýyň yk tarapynda bir boz maýa gäwüşäp çöküp otyr. («Kolhoz Günleri»)

    • Sygyr gapymyzda gäwüşäp durandyr. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)

  2. Gepleşik dili Iýmek, garbanmak.

    • Ol iş gürrüňine girişmezden ozal, biraz gäwüşemegi teklip etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýeriň teýinde ýylan gäwüşese bilmek

Hemme zatdan habarly bolmak.