gäwüş

Dişleriň bilen çeýnelende edilýän hereket.

  • Mal ýataklarynyň ders ysy we düýe gäwüşiniň ysy öwüsýän şemala garşy köwsarlaýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Halnazar hamyrly myssyk çöregi alaçaly ýaga omrakaý batyryp, gäwüş arasynda sözledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Mamanyň horruldysy, çyrlagyň jyrryldysy, düýeleriň gäwüşi olaryň gulagyna ilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gäwüş gaýtarmak

Käbir mallaryň ýuwudan iýmitini agzyna gaýtaryp gäwüşemegi.

  • Gök, otdan doýan sygyrlar ýalta gäwüş gaýtaryp, pökgerip ýatyrdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)