gätmek işlik

  1. Bir ýerinden gädijek açmak, gyrasyny ýykyp oýmak.

    • Haýaty gätmek.

  2. Gyrasyndan döwüp almak, gyrasyndan azajyk bölüp aýyrmak.

    • Çöregiň gyrasyndan gätmek.

  3. Başyny bozmak, ujundan biraz harçlamak.

    • Aýap saklaýan pulumyň gyrasyny gädesim gelenok.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gätmek - gädýär, gäder, gädipdir.