gäp

Içine saman, selin we ş. m. zat dykylan göle hamy, köşek hamy.

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gäp - gäbim, gäbiň.

gäbi azmak

Umumy ýörelgeden çykmak, däp-dessury bozmak, päli azmak; akyl-huşuny ýitirmek.

  • Çaýçy, seniňem gäbiň azyp ýör öýdýän? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Onuň aňkasy aşypdy, gäbi azypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)