gäkilik

Nahardan doýanyňdan soň gägireniňde agzyňdan çykýan ýel.

  • Süýji-süýji iýmeniň ajy-ajy gäkiligi bolar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gäkilik - gäkiligi.

gäkiligiň azmak

Garym-gatym, ýakar-ýakmaz zat iýip, içiň bozulmak, agzyňdan porsy ys gelmek.

  • Ogullarym, ownujak guşlaryň etinden çekdirme etseň, gäkiligiňi azdyragan bolar -- diýip, sypaýyçylyk etdi. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)