gädik

  1. Haýat we ş. m. ýaly ýerlerde adam geçer ýaly gädilen ýer, geçelge.

    • Ol gädikden geçip, köçe baka gitmän, köne gorpa baka gaçdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Gelin bolmasak-da, gädikden garapdyk. (nakyl)

  2. Erňegi, gyrasy döwük, ýemrik.

    • Stýopka eline gädik çemçesini alyp, tüssäniň içinde gazanyň gapdalynda öz ornuna geçdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gädik - gädigi.