gäbertmek işlik

Çişirmek, pökgertmek, tümmertmek (garyn we ş. m. hakda).

  • Çemçetorba gapböwürde garnyny gäberdip, iki elini gerip ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Şol wagtda bir ýerden garnyny gäberdip, moýmuldap gelen Pökgi wala köplügiň ünsüni özüne çekdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gäbertmek - gäberdýär, gäberder, gäberdipdir.