fond

  1. Pul maýasy.

    • Bu zatlara biziň ýörite fondumyzdaky pullaryň ýetjek gümany ýok ahyryn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Bir zadyň ýygnalyp goýlan zapasy.

    • Orazgül kömek fonduna ozal özüniň kümüş we gyzyl şaýlaryndan bäş kilony beripdi. (A. Gowşudow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem fond - fondum, fonduň.