Işde öňe tutulýan öňlük.
Ol fartugyny dakynyp, ýoldaşynyň gelerine taýýar bolup oturdy. («Pioner» žurnaly)
Fartuk bilen turbalaryn asynyp, Ak pagtanyň kesesinden gidipdir. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem fartuk - fartugy.