Bir zada suw degip çyglanmak, öl bolmak.
Daşardaky geýim-gejimler ezildi! -- diýip zeýrendi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Bitertip ösen selçeňsakgaly ýagşyň suwundan ezilmeginden başga ýarasy palçyga hem bulaşypdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Kömek ezilip, emma şähdaçyk geldi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Rehimsiz gysylmak, hak-hukuksyz horlanmak.
Men ezilmekden gaçyp, ilimi terk edip gaýtdym. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)