ezenek e‧ze‧nek

  1. Geýimiň ýakasy.

    • Bu ýigidiň ezeneginden tutup alyp gidenler. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Baýyň hemlesini eşiden Mawy onuň sözüni soňlamagyna maý bermän, ezeneginden çekdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Myrat köplenç wagt ýa ezenegini ýyrtdyryp, ýa ýüzüni biraz dyrnadyp, ýa-da: --Almydyňy alaýmadyňmykaň! -- diýip, edermenlik bilen hasanaklap gelerdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  2. Çuwalyň, haltanyň we ş. m. zatlaryň agzy, ýokary gyrasy.

    • Agyp ýatyr ezenegi. (K. Gurbannepesow, Goşgular)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ezenek - ezenegi.

ezenegi agmak

Hor-homsy ýagdaýda bolmak.

  • Onuň ezenegi agypdyr.

ezenegiňi agdyrmak

Üst-başyňa äňetmezlik, ykjam bolmazlyk, ýerli-ýerinde bolmazlyk; özüňi oňarmazlyk.

  • Annaguly donunyň ezenegini agdyryp, pagta ugrady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ezenegini agdyryp ýörse, näme diýersiň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Çuwal ezenegini agdyryp, tärimden asylyşyp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ezenege
  • ezenegi
  • ezenegim
  • ezenegimden
  • ezenegimi
  • ezeneginden
  • ezenegini
  • ezenegiň
  • ezenekleriniň