etli-ganly

[etli-ga:nly]

Göze doly görünýän, hor, inçe däl.

  • Ol wagt ýaňaklary doluja, etli-ganly görmegeý oglandy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  • Etli-ganly orta ýaşlaryndaky bir aýal gapydan girip, salam berdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ol otuz ýaşlaryndaky etli-ganly aýaldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)