etli sypat

Eti bolan, eti köp; et atylan, et salnan, et bilen taýýar edilen.

  • Içi etli çorbadan näçe iýesim gelse-de, men utanyp iýip bilmedim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Gaýnamy kemsiz ýeten etli çorba Myradyň agzyna tagamsyz, duzsuz degdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Etli börek.

agaç etli

Inçe sagat, semiz bolmadyk.