etlek

Eti köp, eti doly, semiz, gurgun, ýogyn.

  • Etlek boýnuny kynlyk bilen yzyna bakan towlap, kimedir, näme hakdadyr tabşyryk berýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Çekgeleri etlek ýasawulbaşy hökümdaryň öňünde peýda boldy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  • Ol päkize syrylgy etlek kellesin-de üç-dört gezek suw degirdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Olaryň biri etlek hem süňklek daýaw ýigit. (N. Pomma, Egri eýikmez)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem etlek - etlegi.