esbap

[esba:p]

  1. Bir işi etmek, bir zady öndürmek, ýasamak üçin gural, serişde.

    • Tokar bilen Nökeriň ussaçylyk esbaplary örän ýagdaýlydy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Slesarçylyk esbaplary.

  2. Bir zat üçin gerek bolan, üpjün edilýän zatlar, enjamlar.

    • Oňa laýyk täze esbap gerekdi. (Ş. Borjakow, Kaspi Kenarynda)

    • Kagyzlaryny, ölçeg esbaplaryny goltugyna alyp, öýüne tarap ugran Efimowyň yzyna düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Bir zady öwretmäge gerek bolýan zatlar, enjamlar.

    • Okuw esbaby. Görkezme esbaplary.

  4. Bezeg, eşik, geýim, enjam.

    • Iş geýimlerini çykaryp, toý esbabyna girýärdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Atymyň bolsa bütin esbabyna çenli alyp gidipdirler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  5. Emläk, goş, zat.

    • Ol kem-kemden öý esbaplaryny satmaga başlaýar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem esbap - esbaby.