erkin

  1. Azat, erkana, dynçlykda.

    • Halkyň erkin durmuş ugrunda alyp barýan göreşini wasp edýär. («Görogly» eposy)

    • Erkin hem başyny ýokary göterip ýaşamaga höweslenýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Erkin ýaşamak isleýärin. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

  2. Mejbur edilmedik, öz ygtyýarly, öz islegi boýunça.

    • Özüňi erkin alyp barmalydy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  3. Kynçylyksyz, birkemsiz, ýeňillik bilen.

    • Ol nemes dilinde we fransuz dilinde örän erkin gepläp, her bir sözi salykatlylyk bilen oýlanyp aýdýardy we saldamlap görýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

erkin terjime

Sözme-söz edilmeýän terjime.