Erkeklik jynsa degişli şahs, jynsy taýdan aýallaryň tersine bolan şahs.
Tiz wagtda aýallar, erkekler, çagalar goşuldylar. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)
Şol geljek synçy erkek adammy ýa-da aýalmy?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ejesi bilen erkek dogany oňa herrelmekden başga jogap bermediler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Göçme manyda Mert, edermen, gaýratly, bir sözli.
Urkaçy däl, erkeklik jynsa degişli.
Erkek pişik.
Düýäniň bir görnüşi, iş maly.
Hurmaýy gyzyl erkek emaý bilen çökdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Myrat bolsa özüniň höwri bolan erkeginden aýrylmagy gaty kyn görýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Atasynyň erkegi bilen şähere üzüm daşady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem erkek - erkegi.
Erkek çaga, erkek adam.
Galada erkek göbekliden jandar ýok. («Görogly» eposy)