erk erk at

Bir işi etmäge bolan hukuk, ygtyýar, gaýrat, ukyp.

  • Ýöne başga bir zat meni erkime goýmaýar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Döwür biziň garramagymyza erk berenok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Diňe häzirki ýaly erkimizi goramak bilen hem kanagatlanmarys. (B. Soltannyýazow, Kümüş)

  • Tejen derýasynyň erki elinden alyndy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

erk etmek

  1. Ygtyýar etmek, buýrup bilmek, diýeniňi etdirmek.

    • Köp zatlara erk edip bilýärin. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

    • Indi özüňden önen çagaňa-da erk edip bolmasa?! -- diýip, ol içinden gepledi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Özüňi gaharlanmakdan, tolgunmakdan saklamak, saklanyp bilmek.

    • Ol özüne erk edip, zordan saklandy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • erkde
  • erkdedir
  • erkden
  • erke
  • erki
  • erkidir
  • erkim
  • erkimden
  • erkime
  • erkimi
  • erkimiz
  • erkimize
  • erkimizi
  • erkimiziň
  • erkimiň
  • erkin
  • erkinde
  • erkinden
  • erkindäki
  • erkine
  • erkinem
  • erkini
  • erkiniň
  • erkiň
  • erkiňdir
  • erkiňe
  • erkiňem
  • erkiňi
  • erkiňiz
  • erkiňize
  • erkler
  • erklerden
  • erkleri
  • erklerine
  • erklerini
  • erkleriniň
  • erkleriň
  • erkli
  • erklidir
  • erklik
  • erklikden
  • erkliligi
  • erkliligini
  • erkliligiň
  • erklilik
  • erksiz
  • erksize
  • erksizler
  • erksizligi
  • erksizliginiň
  • erksizlik