erjeşmek işlik

Bir işi etmäge girişmek, bir işe baş urmak; biriniň garşysyna çykmak, biri bilen baş dalaşmak.

  • Gulluhanmydyr maňa erjeşjek! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bolmasa, biziň Tejen otrýadymyz entek oňa erjeşerden az. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ikisi erjeşip, ili bulardy. (Durdy Gylyç, Goşgular)


Duş gelýän formalary
  • erjeşerden
  • erjeşerli
  • erjeşip
  • erjeşjek
  • erjeşme
  • erjeşmek
  • erjeşmesini
  • erjeşýän
  • erjeşýänligidir