eretmek e‧ret‧mek işlik

  1. Suwuk hala öwürmek, ergin etmek.

    • Syrçaly jamda gowurma eredýär. (A. Atajanow, Permanyň mamasy)

  2. Suwuklykda dargatmak, ergin hala öwürmek.

    • Diş-diş nabady käsesinde eredip, onuň şygyrdaşyna keýp etdi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  3. Göçme manyda Mähirli, ýuka ýürek etmek, gowşatmak.

    • Ylaýta-da, ýüzüňe çiňerilende gülümsireýän göreçleri ýüregiňi eredip barýar. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Wah, Altyn jan, sen gözleriň meniň ýüregimi eretdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ony söz bilen eredip boljak däl. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem eretmek - eredýär, ereder, eredipdir.


Duş gelýän formalary
  • ereden
  • eredendir
  • ereder
  • erederdi
  • eredip
  • eredipdirler
  • eredäýseň
  • eredýän
  • eredýän-de
  • eredýär
  • eredýärin
  • eredýärler
  • eretdi
  • eretmegi
  • eretmegiň
  • eretmek
  • eretmekde
  • eretmekden
  • eretmekdir
  • eretmekligi
  • eretmekligiň
  • eretmeklik
  • eretmeli
  • eretmezden
  • eretmeýär
  • eretmäge
  • eretmän
  • eretmäni
  • eretse
  • eretsek