erbet er‧bet sypat

  1. Oňat hilli bolmadyk, ýaman, ýaramaz, mukdar.

    • Şol erbet pikiri başlaryndan çykarmaga çalyşdylar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Geçen ýyl onuň gulagyna erbet bir habar gelip ýetipdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň-da netijesi erbet bolmady. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

    • Siz şony isleseňiz, goý men erbet bolaýyn! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  2. Aýylganç, elhenç, örän güýçli, gaty.

    • Ol birden ah çekip, erbet ses etdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Onuň ýüzi birden erbet agardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Onuň ýüzi erbet gyzardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Gahrymanyň kellesi agaja degip, erbet ýarylypdyr. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  3. Pes, ýaman (keselbentlik we ruh taýdan bolan agyr ýagdaý hakynda).

    • Onuň saglygy erbet.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem erbet - erbedi.


Duş gelýän formalary
  • erbede
  • erbedem
  • erbedi
  • erbedini
  • erbediniň
  • erbediň
  • erbedrägi
  • erbedräk
  • erbetde
  • erbetdi
  • erbetdigi
  • erbetdiginden
  • erbetdigine
  • erbetdigini
  • erbetdir
  • erbetler
  • erbetlere
  • erbetleriň
  • erbetlige
  • erbetligem
  • erbetligi
  • erbetliginden
  • erbetligine
  • erbetligini
  • erbetliginiň
  • erbetligiň
  • erbetlik
  • erbetlikde
  • erbetlikden
  • erbetmi
  • erbetmiş