erňek er‧ňek

Bir zadyň gyrasy, ýakasy, kenary.

  • Tabagyň iki erňeginden tutup, çorbany demine çekdi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  • Gün erňegini ýere berende, gulagyňa urlan ýaly gygyrýan sendiň ahyry! (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Kiçijik çagalar hem ululardan kem galmajak bolup, äpişgäniň erňegiden asylyşyp, boýunlaryny uzadýardylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Öwez gemrip oturan gapyrgasyny öňündäki tarelkanyň erňeginde goýup ýylgyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem erňek - erňegi.


Duş gelýän formalary
  • erňegi
  • erňeginde
  • erňeginden
  • erňegindenem
  • erňegindäki
  • erňegine
  • erňegini
  • erňeginiň
  • erňegiň
  • erňekde
  • erňekden
  • erňekler
  • erňeklerde
  • erňekleri
  • erňeklerine
  • erňeklerini
  • erňekleriniň
  • erňekli