eplenmek ep‧len‧mek işlik

Bükülmek, bükülen bolmak, gat-gat bolmak.

  • Oraz Garaýew, dört eplenen jübi ýaglygyny çykaryp, maňlaýynyň derini syrdy. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

  • Onuň dyzlarynyň eplenenini, ygtyýarsyz ýere oturanyny gördi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Eplenip ýazylan koýkalaryň ikisini ýygnady. («Ýaş Kommunist» gazeti)

eplenip ýatmak

Iş etmän ýatmak, işsiz-pişesiz bolmak, bir zat kemçiligi bolmak.

  • Eger ol gitjek bolsa, Myratlarda küçen ýaly eplenip ýatmazdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • eplendi
  • eplendi-de
  • eplenen
  • eplenende
  • eplenenini
  • eplenip
  • eplenipdir
  • eplenme
  • eplenmedik
  • eplenmegi
  • eplenmegine
  • eplenmek
  • eplenmeli
  • eplenmeýänligi
  • eplenmäge
  • eplenmäniň
  • eplense
  • eplense-de
  • eplenýän
  • eplenýär