eplengi

Eplenip goýlan, eplenen bükülen gat-gat edilen (kagyz we ş. m.).

  • Sandygy açdy we onuň düýbünde ýygnap goýan eplengi gazetini eline alyp üstüne barmagyny basdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  • Çyg bolup ezilen eplengi kagyzy çykaryp uzatdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Ýüküň üstündäki eplengi täze keçäni atmakçy boldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)