epleşdirmek işlik

Köp zady eplemek, bükmek, gat-gat, eplem-eplem etmek, bir näçe gezek eplemek, hemmesini eplemek.

  • Oglanlar geýimlerini epleşdirip goýýardylar. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Gylyç ýaglygyny epleşdirip, çäýneginiň üstünde goýdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Nurjan birdenkä haty epleşdirip goltugyna saldy-da, zöwwe ýerinden galdy. («Sowet edebiýaty» gazeti)