epin

Bir zadyň epik ýeri, epilen, ýygyrt atan ýeri.

  • Köýneginiň epinlerini ýazyşdyrdy. (B. Soltannyýazow, Kümüş)

  • Emma kagyzyň epinlerini ýazyp, hata çalasyn göz gezdirende, hanjar urlan ýaly tisginip, gözleriniň öňüne ümez aldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Duran epinleri kertilişen hatlary, biraz öçüşen, kagyza saralan gazýet bölegi okady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)